Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň uruş ykdysadyýeti çökgünlige tarap barýar. Uruş haýallamaýar


Russiýanyň goranyş senagatyna degişli Groznydaky harby egin-eşik tikýän bu fabrik ýaly edaralaryň işgärleriniň zähmet haky iş güýji ýetmezçiligi sebäpli ortaça aýlykdan ýokary bolýar.
Russiýanyň goranyş senagatyna degişli Groznydaky harby egin-eşik tikýän bu fabrik ýaly edaralaryň işgärleriniň zähmet haky iş güýji ýetmezçiligi sebäpli ortaça aýlykdan ýokary bolýar.

Russiýada ýylda geçirilýän Kreml tarapyndan maliýeleşdirilýän we telekeçilik üçin maýa goýumlaryna bagyşlanan dabaraly çärelerde köp sanly wadanyň fonunda ýurduň ykdysady ministri gatnaşanlara ýüzlenip, ýagdaýyň ýaramazlaşýanlygyna ünsi çekdi.

"Sanlara seretsek, hawa, indi sowadyk" diýip, Maksim Reşetnikow Peterburgdaky ykdysady forumda aýtdy. "Häzirki işewürlik duýgusyna esaslanyp, çökgünlige geçmek howpy abanýar öýdýän" diýip, ministr belledi.

Bu pessimistik garaýşy Russiýanyň Merkezi bankynyň başlygy hem goldady.

"Iki ýyl bäri ýokary derejede ösýäris" -diýip, Elwira Nabiullina 19-njy iýunda geçirilen şol bir mejlisde eden çykyşynda "Emma bu çeşmeleriň köpüsiniň hakykatdanam tükenendigine düşünmelidiris. Ösüş üçin täze model hakda pikirlenmeli" diýdi.

Şeýle hem, forumyň çäginde döwlet eýeçiligindäki ägirt Sberbankyň başlygy German Gref beren habarynda: "Häzirki wagtda köp sanly kynçylyk bilen çaknyşýarys, muny uly tupanda deňese boljak" diýdi.

40 aýdan gowrak wagt bäri, Ukraina giň derejeli çozuşyny alyp barýan Russiýanyň ykdysadyýeti harby ýagdaýda bolup, tiz ösýär we jezalandyryjy sanksiýalaryň öňünde günbatarly hünärmenleriň köpüsi üçin garaşylmadyk berkligi görkezýär.

Kreml ýaraglary, tanklary, pilotsyz uçarlary we harby egin-eşikleri öndürmek üçin goranyş pudaklaryna pul ýatyrdy we söweş ukybyny güýçlendirmek üçin ykdysadyýetiniň ugruny üýtgetdi. Goranmak pudagynyň işgärleri üçin zähmet hakyna maliýe serişdelerini bölüp berdi we esgerleri Ukrainada söweşmäge itermek üçin aşa ýokary aýlyklary we baýraklary hödürledi.

Bu, ýurduň garyp, uzak sebitleriniň köpüsinde ýerli ykdysadyýeti üýtgetdi we konflikt üçin goldaw satyn aldy.

Ýöne ýokary aýlyklar inflýasiýany güýçlendirdi we Nabiullina oktýabr aýynda esasy göterim möçberini 21% çenli ýokarlandyryp, inflýasiýany saklamaga synanyşdy.

Ýurduň senagatçylarynyň köpçülikleýin nägileliklerine garamazdan, ol inflýasiýany peseltmegi we ykdysadyýeti haýallatmagy saýlap aldy.

Bu netije berdi we häzirki wagtda Russiýa giň gerimli söweş başlanaly bäri ilkinji möhüm ykdysady haýallaşma bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

"Meniň pikirimçe, köp görkezijiler ösüşiň togtamagyny ýa-da oňa ýakyndygyny görkezýär" diýip, Finlýandiýa Bankynyň Ösüşdäki ykdysadyýetleri öwrenýän institutyň gözleg bölüminiň başlygy Iikka Korhonen aýtdy we "önümçilik henizem ösýär, ýöne beýleki zatlaryň köpüsi beýle däl" diýdi.

"Iki ýyl bäri Russiýanyň ykdysadyýeti aşa gyzdy we adaty ösüş depgininden ýokary depginde gitdi" - diýip, Waşingtondaky Ýewropa syýasatyny öwrenýän merkeziň ykdysadyýet boýunça bilermeni Aleksandr Kolýandr aýtdy we häzirki wagtda rus ykdysadyýetiniň "öz bolmaly derejesine gaýdyp barýandygyny" belledi.

"Häzirki wagtda hökümet üçin esasy kynçylyk, ony ýumşatmak we doly ýykylmakdan saklamakdyr" diýip, bilermen aýtdy.

Ondan soň näme bolar?

Russiýanyň jemi içerki önümi, hökümetiň statistikasyna görä, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň ilkinji üç aýynda 1,4 göterim ösüş gazanydyr. 2024-nji ýylyň soňky alty aýynda ortaça ösüş 4,4 göterime ýetipdir.

Resmi çaklamalara görä, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 2% töweregi bolar. Halkara walýuta gaznasy has pes ösüşi - 1,5% derejesini çaklaýar.

Russiýada işsizlik derejesi 2,3 göterim töweregi bolup, taryhy derejä ýetdi, bu erkekleriň Ukrainadaky söweşlere ugradylyp, raýat işinden çekilendigini we şu sebäpden zähmet bazarynyň näderejede ýoýlandygyny görkezýär.

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda inflýasiýanyň 10 göterimden gowrak ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan Nabiullina “aşa gyzan ykdysadyýet” barada birnäçe gezek duýduryş berdi.

Bu ýagdaýyň syýasy taýdan manysyny çaklamak kyn.

Prezident Wladimir Putin şu wagta çenli Nabiullinany we beýleki ýokary derejeli ykdysady resmileri ykdysadyýeti dolandyrmakda makullady.

Sankt-Peterburg forumynda geçirilen panel çekişmesinden bir gün soň, Putin işewürlik forumynda eden çykyşynda duýduryş belligini etdi:

"Käbir hünärmenler, bilermenler durgunlygyň we hatda çökgünligiň töwekgelçiligini görkezýärler" - diýip, Putin - "Elbetde, islendik şertde muňa ýol berilmeli däldir" diýdi.

"Bu ýyl iň möhüm wezipämiz ykdysadyýeti deňagramly ösüşe geçirmek" - diýip, Putin aýtdy.

Prezident Wladimir Putin 20-nji iýunda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisinde.
Prezident Wladimir Putin 20-nji iýunda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisinde.

Ykdysadyýetiň beýleki bölekleri sanksiýalar bilen çäklendirilensoň, Kremliň gaznasy nebit we gaz girdejilerine öňkülerinden hem has köp garaşly. Ýöne nebitiň bahasy ýylyň başyndan bäri pese gaçdy we Maliýe ministrligi 2025-nji ýylda nebit bilen baglanyşykly girdejiler baradaky çaklamasyny peseltdi.

"Nebitiň bahasynyň peselmegini ýa-da sanksiýalaryň güýçlenmegini we raýat önümçiliginiň umumy pese gaçmagyny görmesek, ýumşak ýere düşeris" - diýip, bilermen Aleksandr Kolýandr aýtdy.

"Nezavisimaya Gazeta" neşiriniň habaryna görä, işgärlerine aýlyk tölemegi gijikdirýän kompaniýalaryň we zawodlaryň sany köpelýär. Sebitleriň köpüsi täze meýletin esgerler üçin tölegleri azaldyp başladylar. Bu bolsa ýerli derejedäki ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny görkezýär.

Şeýle-de bolsa, Putin ölen ýa-da ýaralanan raýatlarynyň sany 1 million adama ýakynlaşsa-da, urşy dowam etdirmek isleýär. Hökümet 2025-nji ýylda goranyş we howpsuzlyk bilen baglanyşykly çykdajylara takmynan 13,1 trillion rubl (144 milliard dollar) sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu san ýurduň jemi içerki önümiň 6,3 göterimini emele getirip, Sowet döwründen bäri iň ýokary derejeleriň biridir.

XS
SM
MD
LG