Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Putin bilen telefon söhbetdeşligi "öňegidişlik getirmedi"


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (illýustrasiýa suraty)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (illýustrasiýa suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bir sagat çemesi telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Kremliň maglumatyna görä, Tramp Ukrainadaky harby hereketleriň tiz wagtda bes edilmegi meselesini ýene gozgady. Putin bolsa, Moskwanyň gepleşiklere taýýardygyny aýtdy, emma Russiýanyň “ýörite harby operasiýa” diýilýäniniň çäginde öňde goýan maksatlaryndan yza çekilmejekdigini nygtady.

Trampyň sözlerine görä, bu söhbetdeşlik “hiç hili öňegidişlige” getirmändir. Ol Ukrainadaky ýagdaýdan “kanagatlanmaýandygyny” hem belläp geçdi.

Russiýanyň we Ukrainanyň delegasiýalarynyň arasynda Stambulda geçirilmegi mümkin üçünji tapgyr gepleşikleriň anyk senesi maslahat edilmedi, şeýle hem Tramp bilen Putin arasynda ýüzbe-ýüz duşuşyk barada gürrüň bolmady.

Söhbetdeşlikde Eýran, Siriýa we Ýakyn Gündogar bilen bagly ýagdaýlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumatlara görä, Putin Trampa üstünlik arzuw edip, 4-nji iýulda bellenilýän ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlapdyr.

XS
SM
MD
LG