Türkmen baş diplomaty Azerbaýjanyň prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepde) we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew. 3-nji iýul

3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy. Bu Hankendi şäherinde geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitiniň çäklerinde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi diýip, resmi beýanatda bellenilýär.