Uçar we otly biletleriniň ýetmezçiliginiň fonunda, araçylar biletleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sosial ulgamlardaky toparlarynda gymmat bahadan hödürlenýär. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylar biletlere mätäç adamlaryň özüni araçy diýip, tanyşdyrýan hilegärleriň duzagyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlaryň seýrek däldigini gürrüň berdiler.
Bilet hödürleýän bildirişleriň biri üç müňden köp agzasy bolan “Germaniýadaky Türkmenler” atly telegram toparynda 29-njy iýunda peýda bolupdyr.
"Ýurt içine, ýurt daşyna bilet almak! Arkaýyn habarlaşyberiň, ynamdar. IMO-dan ýa göni jaň edip habarlaşyberiň” mazmunly bildirişde Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky telefon nomerler görkezilýär. Şeýle ýol bilen hödürlenýän biletleriň bahasy resmi nyrhdan 5 esse ýokary.
Degişli maglumat Iki sebitiň demirýol gatnawy 'ýatdy', taksi nyrhlary ýokarlanýar - çeşmeHabarçymyz bu maglumat bilen bagly ulanyjylaryň arasynda soraglaryň dörändigini, teswirleriň birinde "kassa baryp, näme bilet alyp bolanokmy” diýilýän bolsa, beýlekisinde “beýle zat 'dawnodan' bäri ýok, şonuň üçin gynanman iň gowysy bize ýüz tutaý” diýlip, aýdylýandygyny belledi.
Bilet söwdasy barada habar berýän bildirişler türkmenistanlylaryň arasynda meşhur beýleki toparlarda “Ýewropadaky Türkmenler”, “Polşadaky Türkmenler” ýaly telegram toparlarynda we Facebook kanallarynda hem peýda boldy. Bu toparlaryň agzalary uçar biletlerini hödürleýän toparlaryň işjeňligi soňky hepdelerde başlandy diýýärler.
Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän uçar we otly bilet gytçylygy tomus aýlarynda has hem güýçlenýär.
Lebap we Ahal welaýatlaryndaky çeşmeler kassalarda esasan Türkiýä we Russiýa barýan uçarlara, şeýle-de, ýurduň içinde gatnaýan uçarlara we otlulara biletleriň tas ýokdugyny aýdýarlar.
“Diňe Dubaýa, Frankfurta we kän gidilmeýän beýleki ýurtlara biletleri tapsa bolýar. Emma Orsýet, Türkiýe ýaly ýurtlara we içerki otly hem-de uçar biletleri ne-de onlaýn, ne-de kassalarda tapyp bolýar. Diňe tanyşlaryň we araçylaryň kömegi bilen 5-6 esse bahasyna tapmak mümkin” diýip, türkmenistanly çeşme aýdýar.
Şu wagt bilet krizisi sebäpli adamlaryň gijelerini kassalaryň ýanynda ýatyp geçirýändigini Turkmen.news neşiri ýazýar. Maglumata görä, içerki uçarlara, hususan-da Türkmenabatdan paýtagta gatnaýan uçara biletleri syýahat üçin göz öňünde tutulan seneden diňe bir aý öňünden satyn alyp bolýar. Emma mobil aplikasiýasy arkaly ýa-da kassada bilet satuwy irden 8: 00-da başlanýar, emma 8: 03-de, ýagny 3 minutdan biletler satylyp gutarýar. Aşgabatdan Türkmenabat şäherine her gün 3-4 reýs amala aşyrylýar.
Bilet gytçylygynyň sebäbi barada resmi düşündiriş berilmeýär. Azatlyk Radiosy Transport ministrliginden we Türkmen howaýollaryndan" teswir alyp bilmedi.
Bilet ýetmezçiligi ýola düşmekçi bolýan raýatlaryň arasynda araçylara mätäçligi artdyrýar, mundan hilegärler hem peýdalanýar.
Degişli maglumat Lebapda uçar biletleriniň gytçylygy ýitileşdi, aeroportda uly nobatlar dörediAzatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, bilet ýetmezçiliginiň fonynda araçylaryň köpelmegi bilen, olaryň arasynda şeýle hyzmatlary hödürleýän hilegärler hem az däl.
Habarçylarymyza raýatlaryň polisiýa arz-şikaýat eden wakalarynyň birnäçesi mälim boldy.
Polisiýa ýüz tutmak
Germaniýada ýaşaýan türkmenistanly migrant özüniň başdan geçiren ýagdaýy barada gürrüň berdi: “Agam Aşgabatdan Kazan şäherine uçmalydy. Ýurduň içinde-de tanyş tapmadym. Telegramda we Facebook-da mahabat görüp ýüzlendim we Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça 800 manat (gara bazaryň kursy bilen 40 dollar-red.) we Aşgabat-Kazan üçin 12 müň manat (600 dollar) berdim. Pulumy yzyna alyp bilemok”.
Türkmenabadyň kanun goraýjy edarasyndaky çeşme, ýalan araçylardan ejir çekip, polisiýa ýüz tutan raýatlara kömek berip bolmaýar diýýär.
“Hat-da polisiýa ýüz tutan türkmenabatlylar bar. Emma biz olara: 'Siziň özüňiz para bermeklikde aýyplanyp jenaýata çekilip bilýärsiňiz' diýip düşündirýäris we arzasyny alman goýberýäris” diýip, polisiýadaky çeşme belleýär.
Şeýle-de türkmenabatly kanun goraýjy ýaňy-ýakynda "Türkmen.news" neşiriniň bilet gytçylygy barada çap eden derňew filminden soň, bilet söwdasyna degişli edaralarda barlag geçirilendigini gürrüň berdi. Emma onuň sözlerine görä, bu bilet satýan araçylara täsir ýetirmändir, olaryň ençemesi daşary ýurt telefon belgilerini ulanyp, işini dowam etdirýärler we sosial ulgamlar arkaly bilet hödürleýärler.
Degişli maglumat Aeroportdaky bilet kassalary uçar biletleriniň söwdasynda 'araçylardan peýdalanýar, para alýar'Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.