Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän uçar we otly bilet gytçylygy tomus aýlarynda has güýçlenýär.
Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän uçar we otly bilet gytçylygy tomus aýlarynda has güýçlenýär.

Uçar we otly biletleriniň ýetmezçiliginiň fonunda, araçylar biletleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sosial ulgamlardaky toparlarynda gymmat bahadan hödürlenýär. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylar biletlere mätäç adamlaryň özüni araçy diýip, tanyşdyrýan hilegärleriň duzagyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlaryň seýrek däldigini gürrüň berdiler.

Bilet hödürleýän bildirişleriň biri üç müňden köp agzasy bolan “Germaniýadaky Türkmenler” atly telegram toparynda 29-njy iýunda peýda bolupdyr.

"Ýurt içine, ýurt daşyna bilet almak! Arkaýyn habarlaşyberiň, ynamdar. IMO-dan ýa göni jaň edip habarlaşyberiň” mazmunly bildirişde Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky telefon nomerler görkezilýär. Şeýle ýol bilen hödürlenýän biletleriň bahasy resmi nyrhdan 5 esse ýokary.

Habarçymyz bu maglumat bilen bagly ulanyjylaryň arasynda soraglaryň dörändigini, teswirleriň birinde "kassa baryp, näme bilet alyp bolanokmy” diýilýän bolsa, beýlekisinde “beýle zat 'dawnodan' bäri ýok, şonuň üçin gynanman iň gowysy bize ýüz tutaý” diýlip, aýdylýandygyny belledi.

Bilet söwdasy barada habar berýän bildirişler türkmenistanlylaryň arasynda meşhur beýleki toparlarda “Ýewropadaky Türkmenler”, “Polşadaky Türkmenler” ýaly telegram toparlarynda we Facebook kanallarynda hem peýda boldy. Bu toparlaryň agzalary uçar biletlerini hödürleýän toparlaryň işjeňligi soňky hepdelerde başlandy diýýärler.

Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän uçar we otly bilet gytçylygy tomus aýlarynda has hem güýçlenýär.

Lebap we Ahal welaýatlaryndaky çeşmeler kassalarda esasan Türkiýä we Russiýa barýan uçarlara, şeýle-de, ýurduň içinde gatnaýan uçarlara we otlulara biletleriň tas ýokdugyny aýdýarlar.

“Diňe Dubaýa, Frankfurta we kän gidilmeýän beýleki ýurtlara biletleri tapsa bolýar. Emma Orsýet, Türkiýe ýaly ýurtlara we içerki otly hem-de uçar biletleri ne-de onlaýn, ne-de kassalarda tapyp bolýar. Diňe tanyşlaryň we araçylaryň kömegi bilen 5-6 esse bahasyna tapmak mümkin” diýip, türkmenistanly çeşme aýdýar.

Şu wagt bilet krizisi sebäpli adamlaryň gijelerini kassalaryň ýanynda ýatyp geçirýändigini Turkmen.news neşiri ýazýar. Maglumata görä, içerki uçarlara, hususan-da Türkmenabatdan paýtagta gatnaýan uçara biletleri syýahat üçin göz öňünde tutulan seneden diňe bir aý öňünden satyn alyp bolýar. Emma mobil aplikasiýasy arkaly ýa-da kassada bilet satuwy irden 8: 00-da başlanýar, emma 8: 03-de, ýagny 3 minutdan biletler satylyp gutarýar. Aşgabatdan Türkmenabat şäherine her gün 3-4 reýs amala aşyrylýar.

Bilet gytçylygynyň sebäbi barada resmi düşündiriş berilmeýär. Azatlyk Radiosy Transport ministrliginden we Türkmen howaýollaryndan" teswir alyp bilmedi.

Bilet ýetmezçiligi ýola düşmekçi bolýan raýatlaryň arasynda araçylara mätäçligi artdyrýar, mundan hilegärler hem peýdalanýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, bilet ýetmezçiliginiň fonynda araçylaryň köpelmegi bilen, olaryň arasynda şeýle hyzmatlary hödürleýän hilegärler hem az däl.

Habarçylarymyza raýatlaryň polisiýa arz-şikaýat eden wakalarynyň birnäçesi mälim boldy.

Polisiýa ýüz tutmak

Germaniýada ýaşaýan türkmenistanly migrant özüniň başdan geçiren ýagdaýy barada gürrüň berdi: “Agam Aşgabatdan Kazan şäherine uçmalydy. Ýurduň içinde-de tanyş tapmadym. Telegramda we Facebook-da mahabat görüp ýüzlendim we Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça 800 manat (gara bazaryň kursy bilen 40 dollar-red.) we Aşgabat-Kazan üçin 12 müň manat (600 dollar) berdim. Pulumy yzyna alyp bilemok”.

Türkmenabadyň kanun goraýjy edarasyndaky çeşme, ýalan araçylardan ejir çekip, polisiýa ýüz tutan raýatlara kömek berip bolmaýar diýýär.

“Hat-da polisiýa ýüz tutan türkmenabatlylar bar. Emma biz olara: 'Siziň özüňiz para bermeklikde aýyplanyp jenaýata çekilip bilýärsiňiz' diýip düşündirýäris we arzasyny alman goýberýäris” diýip, polisiýadaky çeşme belleýär.

Şeýle-de türkmenabatly kanun goraýjy ýaňy-ýakynda "Türkmen.news" neşiriniň bilet gytçylygy barada çap eden derňew filminden soň, bilet söwdasyna degişli edaralarda barlag geçirilendigini gürrüň berdi. Emma onuň sözlerine görä, bu bilet satýan araçylara täsir ýetirmändir, olaryň ençemesi daşary ýurt telefon belgilerini ulanyp, işini dowam etdirýärler we sosial ulgamlar arkaly bilet hödürleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Duşak menzilinde ýolagçylara gutap, fitçi satýan aýal. Bezeg suraty
Duşak menzilinde ýolagçylara gutap, fitçi satýan aýal. Bezeg suraty

Türkmenistanda soňky ýyllarda her hili näsaglyklardan, şol sanda bil agyrysyndan, gryža diýlip bilinýän ingi derdinden ejir çekýän hassalaryň barha köpelýändigi habar berilýär.

Ahaldaky habarçymyz bilen gürleşen adamlar sebitde bil agyrysyndan, il arasynda gryža diýlip bilinýän hernia, ingi derdinden zeýrenýän näsaglaryň barha köpelýändigini, olaryň esasan orta ýaşan, gartaşan adamlardan ybaratdygyny aýtdylar. Emma bu keselçilik barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.

Habarçymyz demirýol menzilinde oturyp, hassahana harçlan puluny jemlejek bolýan enäniň kynçylyklaryny öwrendi. Adynyň aýdylmazlygyny soran enäniň ogly ýurduň harby bölümleriniň birinde işleýär we, aýlyk, iş şertleriniň ýaramazlygy sebäpli, häzir ol işden çykyp, Russiýa işlemäge gitmekçi bolýar.

Harby gullukçynyň ejesiniň 'dermansyz derdi'

“Emma ony işden çykaranoklar, işden çykmasa harby biledini berenoklar we zagran pasport alyp bilenok” diýip, ene başdan geçirýän horluklaryny gürrüň berdi.


“Bilim gaty agyrýar, otursam turmam gaýgy, tursam - oturmam. Lukmanlara barlatsam, ‘gryža bar, bejergi almaly, hassahana ýerleşmeli’ diýdiler, 6 müň manat çykdajy edip, bejergi aldym. Hiç zat üýtgemedi, agyrym aýrylmady” diýip, Duşak we Tejen otly menzillerinde azyk, suw satýan ene Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ol hassahanada ýatyp, derman-däri, bejergi almak üçin harçlan pullaryny oglundan alandygyny, indi işe ýaraman, öýde dynç aljak bolsa, gelniniň ‘lukmanlara ynanyp, biderek pul giderdiň’ diýip igenýändigini hem sözüne goşdy.

“Oglum häzir eje, gitme diýýär. Emma gitmeseň, öýde çörek ýok. Gelnim hassahana çykaran 6 müň manadymy her gün birki gezek agzaýar. Men öýde oturyp bilmän, şol puly jemlejek bolup, azyk, şerbet suw satmaly bolýaryn.”

Bili agyrýan 'gaty köpelýär'

Anonimlik şertinde gürleşen saglyk hünärmeni häzir hassahanalara biliniň agyrýandygyny aýdyp gelýän näsaglaryň gaty köpelenini aýtdy, ýöne anyk san getirmekden saklandy.

“Hassahana gelýänleriň arasynda ýaş gyzlar, gelinler, oglanjyklar hem bar. ‘Biliňde gryža bar’ diýip, lukmanlar her geleni diýen ýaly hassahana ýerleşdirýärler. Emma olaryň berýän bejergilerinden şypa tapýan adam gaty az. Sebäbi häzir lukmanlar hiç zat bilenok. Nädip bilsin, okamadyňmy diýip sorasaň, gülüp, ‘ýok, çärä gatnadyk’ diýýärler.”

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan adamlaryň sözlerine görä, öňler gryža, bilagyry keseline köplenç Mary welaýatynyň adamlary ýolugýar diýen düşünje bolup, il arasynda bu kesel käte “Mary keseli” diýlip hem atlandyrylypdyr.

“Öňler Marynyň halky potrat işläp, ýük düşürip, bu kesele ýolugýar diýlerdi, ýa-da aşgazan, gastrit keseli hem Mary keseli diýlip atlandyrylardy. Sebäbi olar köplenç pagta çigidinden alnan gara ýagy iýýär diýerdiler. Ine, biz potradam işlämizok, gara pagta çigit ýagyny hem iýemizok, emma häzir öz tanaýanlarymyň arasynda bili agyryp, asla ýerinden turup bilmeýänlerem bar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

"Her gün arkama 30 kg ýük alyp, işe çykýaryn"

Bil agyrysyndan ejir çekýän ene her gün arkasyna 30 kg ýük alyp, otly menziline zat satmaga çykýandygyny, ýanyna alýan agtygynyň termosda gaýnag suw alyp çykyp, otly menzilindäki adamlara çaý, kofe hyzmatlaryny hödürleýändigini gürrüň berdi.

Ene agtygynyň gazanan pullaryny özüne, okuw esbaplary üçin ýygnamaga goýýandygyny hem sözüne goşdy.


Azatlygyň habarçylary ýurtda keselli, işe ýaramaýan, ahyr netijede maýyplyk, inwalidlik resminamalaryny düzedip, döwlet kömegini aljak bolýan adamlaryň barha köpelýändigi we bu ýagdaýyň korrupsiýa alyp gelýän halatlarynyň hem bardygy barada mundan öňem habar beripdiler. Bu ýagdaýy bili agyrýan ene hem tassyk etdi.

“Men bil agyrym üçin maýyplyk, inwalitlik düzetmekçi boldum, emma meni maýyplyga çykarmaýarlar, menden 500 amerikan dollar möçberinde para soraýarlar. Mende onça pul ýok” diýip, ene öz goňşularynyň arasynda, maýyp bolmasalar hem, maýyplyk resminamalaryny düzedip, döwlet kömegini alýan adamlaryň bardygyny öňe sürdi.

Azatlygyň habarçylarynyň dürli keselçilikler, saglyk pudagynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa barada berýän habarlaryn türkmen resmileri ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG