Türkmenistanda soňky ýyllarda her hili näsaglyklardan, şol sanda bil agyrysyndan, gryža diýlip bilinýän ingi derdinden ejir çekýän hassalaryň barha köpelýändigi habar berilýär.
Ahaldaky habarçymyz bilen gürleşen adamlar sebitde bil agyrysyndan, il arasynda gryža diýlip bilinýän hernia, ingi derdinden zeýrenýän näsaglaryň barha köpelýändigini, olaryň esasan orta ýaşan, gartaşan adamlardan ybaratdygyny aýtdylar. Emma bu keselçilik barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Habarçymyz demirýol menzilinde oturyp, hassahana harçlan puluny jemlejek bolýan enäniň kynçylyklaryny öwrendi. Adynyň aýdylmazlygyny soran enäniň ogly ýurduň harby bölümleriniň birinde işleýär we, aýlyk, iş şertleriniň ýaramazlygy sebäpli, häzir ol işden çykyp, Russiýa işlemäge gitmekçi bolýar.
Harby gullukçynyň ejesiniň 'dermansyz derdi'
“Emma ony işden çykaranoklar, işden çykmasa harby biledini berenoklar we zagran pasport alyp bilenok” diýip, ene başdan geçirýän horluklaryny gürrüň berdi.
“Bilim gaty agyrýar, otursam turmam gaýgy, tursam - oturmam. Lukmanlara barlatsam, ‘gryža bar, bejergi almaly, hassahana ýerleşmeli’ diýdiler, 6 müň manat çykdajy edip, bejergi aldym. Hiç zat üýtgemedi, agyrym aýrylmady” diýip, Duşak we Tejen otly menzillerinde azyk, suw satýan ene Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Ol hassahanada ýatyp, derman-däri, bejergi almak üçin harçlan pullaryny oglundan alandygyny, indi işe ýaraman, öýde dynç aljak bolsa, gelniniň ‘lukmanlara ynanyp, biderek pul giderdiň’ diýip igenýändigini hem sözüne goşdy.
“Oglum häzir eje, gitme diýýär. Emma gitmeseň, öýde çörek ýok. Gelnim hassahana çykaran 6 müň manadymy her gün birki gezek agzaýar. Men öýde oturyp bilmän, şol puly jemlejek bolup, azyk, şerbet suw satmaly bolýaryn.”
Bili agyrýan 'gaty köpelýär'
Anonimlik şertinde gürleşen saglyk hünärmeni häzir hassahanalara biliniň agyrýandygyny aýdyp gelýän näsaglaryň gaty köpelenini aýtdy, ýöne anyk san getirmekden saklandy.
“Hassahana gelýänleriň arasynda ýaş gyzlar, gelinler, oglanjyklar hem bar. ‘Biliňde gryža bar’ diýip, lukmanlar her geleni diýen ýaly hassahana ýerleşdirýärler. Emma olaryň berýän bejergilerinden şypa tapýan adam gaty az. Sebäbi häzir lukmanlar hiç zat bilenok. Nädip bilsin, okamadyňmy diýip sorasaň, gülüp, ‘ýok, çärä gatnadyk’ diýýärler.”
"Her gün arkama 30 kg ýük alyp, işe çykýaryn"
Bil agyrysyndan ejir çekýän ene her gün arkasyna 30 kg ýük alyp, otly menziline zat satmaga çykýandygyny, ýanyna alýan agtygynyň termosda gaýnag suw alyp çykyp, otly menzilindäki adamlara çaý, kofe hyzmatlaryny hödürleýändigini gürrüň berdi.
Ene agtygynyň gazanan pullaryny özüne, okuw esbaplary üçin ýygnamaga goýýandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlygyň habarçylary ýurtda keselli, işe ýaramaýan, ahyr netijede maýyplyk, inwalidlik resminamalaryny düzedip, döwlet kömegini aljak bolýan adamlaryň barha köpelýändigi we bu ýagdaýyň korrupsiýa alyp gelýän halatlarynyň hem bardygy barada mundan öňem habar beripdiler. Bu ýagdaýy bili agyrýan ene hem tassyk etdi.
“Men bil agyrym üçin maýyplyk, inwalitlik düzetmekçi boldum, emma meni maýyplyga çykarmaýarlar, menden 500 amerikan dollar möçberinde para soraýarlar. Mende onça pul ýok” diýip, ene öz goňşularynyň arasynda, maýyp bolmasalar hem, maýyplyk resminamalaryny düzedip, döwlet kömegini alýan adamlaryň bardygyny öňe sürdi.
Azatlygyň habarçylarynyň dürli keselçilikler, saglyk pudagynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa barada berýän habarlaryn türkmen resmileri ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum